Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi. Beýleki bir karar bilen Hajyýew Türkmenistanyň Şweýsariýadaky we Watikandaky ilçisi, şeýle hem BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerinden boşadyldy.
Bu täze jogapkärli wezipede Hajyýew türkmen diplomatiýasynyň weterany Aksoltan Ataýewanyň ornuny eýelär. Döwlet Baştutany Ataýewany başga işe geçmegi sebäpli birnäçe diplomatik wezipelerinden boşatdy.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.