Şu gün paýtagtymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdirýän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.
Berkarar Watanymyzda edep-terbiýäni, belent ahlaklylygy, mähribanlygy dabaralandyrýan Halkara zenanlar güni täze many-mazmun bilen baýlaşyp, uly dabaralara beslenýär. «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleri hormatlamak dabarasy hem ýurdumyzda zenan mertebesiniň belentdedigini görkezen ajaýyp wakalaryň biri boldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Diýarymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Ýer ýüzünde şan-şöhraty barha arşa galýan ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamaklary, döredijilik bilen meşgullanmaklary, halal zähmet çekmekleri babatda uly işler durmuşa geçirilýär.
Batly ösüşlere öz zähmeti bilen mynasyp goşant goşýan zenanlarymyz, gelin-gyzlarymyz hakynda döwletimiz tarapyndan zerur aladalar edilýär. Belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýaş nesilleri terbiýelemekde Watanymyzyň gelin-gyzlarynyň bitirýän hyzmatlary örän uludyr. Çärä gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda her bir maşgalanyň abadançylygy, çagalary terbiýeläp ýetişdirmek babatda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda aýal-gyzlarymyzyň, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim almaklary, hünär taýdan kämilleşmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu meseleleriň döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylandygy bellenildi. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, köp çagaly eneleriň durmuş taýdan goldanylýandygyny görkezmek bolar.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.