Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy

2273

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Sofiýa şäherinde saparda boldy. Saparyň esasy maksady Bolgariýanyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmakdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Ilçi saparyň dowamynda Bolgariýanyň Prezidenti Iliana Ýotowa we Premýer-ministri Andreý Gýurow bilen duşuşyp, olara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Saparyň çäklerinde Bolgariýanyň DIM-iniň wekili Petko Doýkow bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň meýilnamalary we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag, saglygy goraýyş we syýahatçylyk pudaklaryny ösdürmek üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-bolgar toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Ylym, bilim we medeniýet ugrunda bilelikdäki çäreleri dowam etdirmek barada pikir alyşyldy.
Şeýle-de, ilçi 2026-njy ýylda Türkmenistanda giňden belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramy barada habar berip, Bolgariýanyň wekillerini baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.