Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär

539

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew «Turkmentel-2024» forumynyň 17-nji Halkara maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş edip, ýurduň ösüşi üçin sanlylaşdyrmanyň we kiberhowpsuzlygyň ähmiýetini nygtady. Öz çykyşynda ol sanly tehnologiýalaryň bilimden başlap, saglygy goraýyş ulgamyna çenli durmuşyň ähli ugurlaryny özgerdýändigini we akylly şäherleriň hem-de netijeli senagatyň döredilmegi üçin esas bolup durýandygyny belledi.

Hudaýgulyýew geçen ýyl Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheri bolan we eýýäm halkara derejesinde ykrar edilen Arkadag şäheriniň açylandygyny ýatlatdy. Şeýle hem ol tutuş ýurt boýunça ýokary tizlikli internetiň giňeldilmegi we 5G tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy boýunça meýilnamalaryň bardygy barada gürrüň berdi.

Sanly tehnologiýalar babatda hünärmenleri taýýarlamak hem möhüm ugra öwrüldi. Ýurdumyzda orta mekdepleriň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin IT-bäsleşikleri we startap maksatnamalary geçirilýär.

Mundan başga-da, milli derejede kiberhowpsuzlygy üpjün etmäge güýçli üns berilýär.

«Biz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge açykdyrys we bu maslahatda beýan ediljek teklipleri alyşmak hem-de täze çözgütleri gözlemek üçin üstünlikli meýdança boljakdygyna bil baglaýarys» - diýip, Hudaýgulyýew çykyşyny jemläp, belledi.

Telearagatnaşyk, telemetriýa, maglumat tehnologiýalarynyň we teleradioýaýlym enjamlarynyň «Turkmentel-2024» 17-nji Halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty 14-16 noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýär. Maslahatyň dowamynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, pudaklaýyn kompaniýalaryň, halkara guramalarynyň wekilleri, bilermenler görkezilen pudaklarda ösüşiň esasy ugurlary we olaryň geljegi barada pikir alyşýarlar.

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  2. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  3. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  4. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  5. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  6. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  7. Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy
  8. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  9. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  10. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  11. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  12. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  13. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  14. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  15. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  16. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  17. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
  18. Mişustin: rus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär
  19. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
  20. Türkmenistan dünýädäki ýagdaýy syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.