Ählumumy maksatlary milli derejede ilkinjileriň hatarynda utgaşdyran Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edip, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşýar.
TDH-niň habaryna görä, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalygynda durnukly ösüşe ýardam bermek ýaly möhüm ulgamda tagallalary birleşdirmek köpugurly hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan anyk teklipler bu ulgamda bar bolan möhüm wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir. Soňky döwürde Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy täze mazmunda baýlaşdyrylýar. Bu gurama bilen bilelikde birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde ýurduň oba hojalygynda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, şol sanda pudagyň işini düýpli döwrebaplaşdyrmakda we onuň kuwwatlyklaryny sazlaşykly herekete getirmekde, obasenagat toplumynyň tehniki binýadyny yzygiderli täzelemekde, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda, ylmyň gazananlary bilen ösdürmekde, önüm öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamakda ähmiýetli tejribe toplandy.
Häzirki zaman şertlerinde oba hojalygynyň durnukly ösüşi gönüden-göni ekologik ýagdaýlara baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurtda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň, Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ugurdaş işler amala aşyrylýar.
Türkmenistanda azyk howpsuzlygy ulgamynda sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen dürli çäreleriň geçirilmegi hem BMG hem-de onuň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň netijesidir.
Mälim bolşy ýaly, howanyň üýtgäp durýan şertlerinde azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi Durnukly ösüş maksatlarynda berkidilen köp sanly wezipeleriň çözülmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlar oba hojalygyny ýöretmegiň däp bolan usullarynyň we görnüşleriniň özgerdilmegine öz täsirini ýetirýär. Munuň özi utgaşdyrylan çemeleşmeleriň binýadynda gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmeginiň zerurlygyny şertlendirýär. Türkmenistan bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, onuň täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär.
Howa boýunça Pariž ylalaşygynyň azyk howpsuzlygynda ähmiýetiniň uludygy ykrar edilýär. Şu nukdaýnazardan, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda, onuň täsirini peseltmekde öňdebaryjy dünýä tejribesiniň we usullarynyň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Durnukly oba hojalyk tejribelerinden peýdalanmak Merkezi Aziýa döwletleri üçin hem möhüm wezipe bolmagynda galýar. BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi bu wajyp wezipäni durmuşa geçirmekde netijeli gurallaryň biri bolup biler. Bu merkezi döretmek başlangyjynyň Türkmenistana degişlidigini bellemek gerek. Oba hojalygynyň howa şertlerine uýgunlaşan usullaryny ilerletmekden başlap, azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ulgamyny pugtalandyrmaga çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça Türkmenistanyň tagallalary BMG-niň we onuň ugurdaş edaralarynyň hem-de beýleki abraýly halkara, sebit guramalarynyň goldawyna eýe bolýar.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.