Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana saparynyň çäklerinde Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşygy boldy. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, Allahşukur Paşazade belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadag bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we ruhy-medeni gymmatlyklary ilerletmekde şeýle duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle-de ol 2014-nji ýylda Aşgabatda bolanda, onuň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny, Milli Lideriň başlangyjy bilen Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen uly işleriň amala aşyrylandygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň görnükli syýasatçy hökmünde dünýäde giňden tanalýandygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmansöýerligi we hoşniýetli sözleri üçin Allahşukur Paşazadä minnetdarlyk bildirdi hem-de şu duşuşygyň Azerbaýjana saparynyň möhüm we ähmiýetli bölegidigini, ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, aýratyn mana eýedigini belledi.
“Biz diňe bir dil babatda däl, eýsem, beýleki ugurlarda hem birek-birege örän gowy düşünýäris. Iki halkyň bir bitewi kökleri bar. Biz umumy köklere, ýakyn garyndaşlyga esaslanýarys. Bir umumy gymmatlyklara eýerýäris. Biz örän baý taryhy tejribäni häzirki döwre çenli aýawly saklap geldik. Häzir biziň ýurtlarymyz, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň, uzak möhletli bähbitleriň gabat gelmeginiň zerurdygyna anyk düşünmäge, hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyna esaslanýarlar” diýip, Gahryman Arkadag duşuşykda aýtdy.
Allahşukur Paşazade syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine ünsi çekip, iki ýurduň munuň üçin ähli zerur tagallalary edýändigini, bu işde iki ýurduň din işgärleriniň, umuman, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklaryny birleşdirýän yslam dininiň ornuny aýratyn nygtady.
Söhbetdeşler yslam dininiň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde, olarda Watana, onuň taryhyna söýgi, ata-enä, maşgala ojagynyň mukaddesligine hormat goýmak duýgularyny kemala getirmekde örän uly ähmiýetini bellediler. Häzirki döwürde bu düşünjeler Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ruhy-ahlak köklerini, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-syýasy nusgasyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurtda bu wezipäni ýerine ýetirmekde din işgärleriniň tutýan ornunyň uludygyny kanagatlanma bilen nygtady.
Din işgärleriniň at-abraýy, baý tejribesi iki ýurtda üstünlikli döwlet gurluşynyň, parahatçylygy goramagyň we berkitmegiň, durmuş, milletara agzybirliginiň örän möhüm şertine öwrülýär. Gahryman Arkadag häzirki şertlerde dinara dialogyň aýratyn ähmiýete eýedigini we derwaýysdygyny belläp, şeýle dialogyň hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň köprüleriniň biri bolup biljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.