Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek we kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň ýaş hünärmenleriniň arasynda «Öz hünäriniň ussady» atly bäsleşik geçirildi. Täze belent maksatlara ruhlanan aragatnaşykçy hünärmenler üç şert boýunça bäsleşdiler.
Aragatnaşyk pudagyna täze pikirleri ornaşdymaga we tehnologiýanyň ösüşi bilen deň kämilleşmäge ymtylýan ýaşlar bäsleşigiň her şertinde özleriniň başarnyklaryny we ussatlygyny görkezmegi başardylar.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan bäsleşige jogapkär topar döredildi. Olar ýaşlaryň hemişe täzelenip durýan tehnologiýalary ussatlyk bilen dolandyrmak ukybyna we durmuş-ykdysady ugurlaryň aňsatlaşdyrylmagy üçin täze pikirlerine ýokary baha berdiler.
Bäsleşikde ýeňijiler yglan edildi we olara «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.