Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy

1587

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde bu ýerde Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýagy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadaga hoşallyk bildirip, bu bankyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady.

— Aziýanyň ösüş bankynyň Dolandyryjylar geňeşi tarapyndan kabul edilen hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň makullan 2024 — 2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt hyzmatdaşlyk strategiýasy bellärliklidir. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esas goýujy resminamasy bolup durýar — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşykda aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bu strategiýa üç ugur boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi öz içine alýar. Olar howa şertlerine durnukly “ýaşyl” ykdysadyýete geçmäge ýardam bermekden; diwersifikasiýa arkaly bäsdeşlige ukyplylygy güýçlendirmekden, hususy telekeçiligi we adam maýasyny ösdürmekden; şeýle hem düzümleýin özgerişlere we institusional ösüşlere ýardam bermekden ybaratdyr.

Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Hökümetiniň bu strategiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Aziýanyň ösüş banky bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistanyň dürli pudaklaryna umumy möçberi 12 million amerikan dollaryna barabar tehniki kömek berýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri özara gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi.

— Aziýanyň ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmegi göz öňünde tutýarys — diýip, Gahryman Arkadag duşuşykda aýtdy.

Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda, aýratyn-da, Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtady. Şeýle hem ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanýan hem-de halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen AÖB-niň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga 25 ýyl bolýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaşlygyň umumy maksatlara ýetmekde ähmiýetlidigini belläp, bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmekde hemmetaraplaýyn ýardam beriljekdigine ünsi çekdi we abraýly halkara maliýe düzüminiň ýolbaşçylaryna hem-de işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi.

Lukman Arkadagyň saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýändigi nazara alnyp, bu ýerde lukmançylyk edaralarynyň şepagat uýalary üçin okuw merkezini açmak baradaky teklip öňe sürüldi. Munuň özi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň alyp barýan işiniň üstünlikli dowam edýändiginiň netijesidir.

Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berip, ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýol-ulag düzümine degişli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, şeýlelikde, ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanýandygyny, täze iş orunlarynyň döredilýändigini belledi.

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  2. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  3. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  4. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  5. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  6. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  7. Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy
  8. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  9. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  10. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  11. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  12. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  13. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  14. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  15. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  16. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  17. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
  18. Mişustin: rus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär
  19. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
  20. Türkmenistan dünýädäki ýagdaýy syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.