Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi we hatynda rus-türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Bu barada TDH habar berýär.
— Sizi Nowruz baýramy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu bahar baýramy agzybirligiň, hoşniýetli däpleriň, parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň nyşany bolup durýar.
Rus-türkmen gatnaşyklarynyň dostluk, özara hormat goýmak we strategik hyzmatdaşlyk ruhunda üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýaryn — diýip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda ýazýar.
Gutlag hatynyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli halkyna bolsa abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw edýär.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.