"Türkmentelekom" köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär

1611

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiñ «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Aşgabat şäherindäki köpçülikleýin ýerlerde hem-de paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde TELECOMWIFI simsiz internete amatly elýeterliligi hödürleýär.

Şeýle hem, TELECOMWIFI hyzmaty «Arçman», «Baýramaly», «Mollagara», «Farap», «Daşoguz» we «Bagabat» ýaly sagaldyş şypahanalarynyñ çäginde hem elýeterlidir.

TELECOMWIFI nyrhnamalary bilen «Türkmentelekom» kärhanasynyň şu sahypasynda tanşyp bilersiňiz: https://telecom.tm/ru/wifi/.

«Türkmentelekom» tarapyndan hödürlenýän ýokary tizlikli simsiz internet garaşylýan, dynç alynýan we sagaldyş zolaklarynda durnukly aragatnaşygy hem-de amatly birikmäni üpjün edýär.

Giñişleýin maglumat üçin 071 belgisi boýunça ýüz tutup bilersiñiz.

Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.