Azerbaýjana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisine hem bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagy Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa mähirli garşylady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Surata düşmek dabarasyndan soňra, Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagy Azerbaýjanyň milli Parlamentiniň agzalary bilen, öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygyny türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.
Soňra Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagy hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri – Uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli maglumatlary berdi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy.
Muzeý bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Azerbaýjan Respublikasynyň milli Parlamentiniň Başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri parlamentara dialogyň, gender deňliginiň, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Gahryman Arkadag azerbaýjan parlamentarilerine türkmen kärdeşleri bilen bilelikde bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmegiň usullaryny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de taraplaryň bu ugurdaky üstünlikli tejribesiniň mundan beýläk-de bilelikdäki işlerde peýdalanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn medeni, ylym, bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, iki ýurduň parlamentleriniň howandarlygynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýaşlarynyň ylym we bilim forumlaryny guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Gahryman Arkadag türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde mundan beýläk-de döwletara gatnaşyklary ösdürmek, türkmen we azerbaýjan halklaryny asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän gatnaşyklary berkitmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.
Dostlukly ýurduň Parlamentiniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagyň beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetini belläp, azerbaýjan tarapynyň kanun çykaryjy edaralarynyň ugry boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa hem-de iki ýurduň wekiliýet agzalary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.