Türkmen wekiliýeti Tähranda geçiriljek üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar

1053

17-18-nji fewralda Tähranda üçünji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa Türkmenistandan hem ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde aýtdy.

Gahryman Arkadag bu forumyň Hazar deňziniň ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy möhüm meseleleriň birine – Hazar deňzindäki häzirki ýagdaýlara ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Eýran bu ugurda ikitaraplaýyn we bäştaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi.

Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.