16-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana amala aşyrýan saparynyň çäginde Bakudaky Hormat meýdançasyna baryp gördi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki zaman Garaşsyz Azerbaýjan döwletini esaslandyryjy Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligini hatyralady we aramgähine gül dessesini goýdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow görnükli oftalmolog-alymy, akademik Zarifa Aliýewanyň aramgähine gül dessesini goýup, onuň ýagty ýadygärligini hatyralady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle-de Bakudaky Ýeňiş ýadygärlikler toplumynyň baryp gördi, bu ýerde myhmanyň hormatyna hormat garawuly hatara düzüldi diýip, Azertag habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärlige gül dessesini goýdy. Soňra ýokary derejeli myhmana 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda açylan Ýeňiş ýadygärlikler toplumy barada giňişleýin maglumat berildi.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.