2025-2026-njy okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine 17 müňe golaý talyp okuwa kabul ediler

1808

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine 16 müň 782 talyby, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 10 müň 879 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ýokary okuw mekdeplerine, şeýle hem mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resmi iş kagyzlary 14 — 27-nji iýul aralygynda, maliýe-ykdysady ugurly hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine bolsa resmi iş kagyzlary 14-nji iýul — 18-nji awgust aralygynda kabul ediler.

Ozal habar berşimiz ýaly, 14-nji iýulda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden resmi iş kagyzlaryny kabul etmek möwsümine badalga berildi. Ýurduň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerindäki degişli orta mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki ýokary okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde, orta hünär okuw mekdeplerine resmi iş kagyzlary bolsa her orta hünär okuw mekdebiniň çäginde kabul edilip başlandy.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi şu ýylyň 14-nji iýuly — 25-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.